Bütin TÜRKler Dogandyr!

Eỳ Tańry Daglarynda dogulyp bu dünỳède at çapdyran edermen goç ỳigit, ỳüreklerinde gopuz çalan Gorkut Ata ruhly, bir günde döwlet ỳykyp bir gijede hanlyk guran alperen, bengü daşlaryny ỳazdyran Bilge Hanyń agtygy, gök mawusy baỳdaklar bilen gurt başly tuglary asmana ỳetiren mert ỳigit, gorkaklara Hytaỳ diwaryny gurduran Mete Hanyń we olaryń köşklerini kyrk kişi bilen basyp alan Kürşadyń neslinden gelen Beỳik TÜRK sözüm sańadyr.

Bu gün dünỳède bar bolan birnèçe millet heniz emele gelmezden ozal, biz TÜRKler döwlet gurup, bu dünỳèniń düzgününi goraỳardyk. Mundan müńlerçe ỳyl öń, Hunlar we Göktürkler bilen Türk adyny bütin jahana ỳań salyp, dünỳè hèkimligine eỳe bolupdyk. Mawy asman çadyrymyz, gün bolsa baỳdagymyz bolupdy. Güỳjümüzi dińe bir gylyjymyzyń kesginliginden ỳa-da bilegimiziń güỳçlülüginden almaỳardyk; mukaddes dèp-dessurlarymyz, ynanjymyz, döwletimize bolan söỳgümüz we deńi taỳı bolmadık medeniỳetimiz bizi beỳleki milletlerden ỳokary derejede goydy. Kaşgaryly Mahmyt Atamyzam: ″Tańrynyń döwlet güneşini Türk gökdaşyndan doguranlygyny we olaryń üstüne asmanyń bütin şöhlesini öwürendigini gördüm″ diỳip, Türklügiń mukaddesligini müń yyl mundan ozal bize bildiripdi.

İkinji Göktürk Döwletinde TÜRK neslinden bolan bütin ynsanlar bir baỳdagyń astynda jem bolupdy we sońrasynda TÜRK güçüşleri bilen bilelikde olar dünỳèniń dürli ỳerlerine ỳaỳramaga başladylar. Biri-birinden aỳra galan garyndaşlar aralaryndaky uzaklyklar, Ruslaryń, Hytaỳlaryń we sansyz duşmanlaryń bizi bölmek üçin eden oỳunlaryny hasam güỳçlendirdi. Ruslar ″Siz TÜRK dèlsińiz. Siz, Gyrgyz, Azeri, Özbek, Gazak, Tatar…syńyz.″ diỳdiler we öńi bilen dilimizi ỳoỳdular. Her TÜRK lehsikasy üçin özlerinden kèbir kesgitlemeler tapyp, olary aỳry-aỳry dillere öwürdüler. Agzymyzdaky ene süỳdü ỳaly pèk bolan Türk dilimizi bölüp, ỳygrymydan gowurak böleklere ayran Ruslar, müńlerçe ỳylyk dèp-dessurumyzy we medeniỳetimizi hem ỳoỳmak üçin ellerinden gelenlerini gaỳgyrmadylar.

Türk halklaryna garşy guralan bütin oỳunlar, Türklügümiziń güneşini her geçen gün soldurdy. ″İl gider, dèp-dessury galar.″ diỳdik, emma dèp-dessurumyz hem ỳoỳuldy. Gyrgyzystan, Özbegistan, Azerbeỳjan, Türkmenistan, Gazagystan, Tatarystan, Gagauzỳa, Ỳakudystan, Çuwaşystan, Başkürdüstan…daky Türkleriń bir bölegi, siz Türk dèlsińiz diỳenlere ynandylar we bular bu gün dünỳède ỳaşaỳan 300 milỳona ỳakyn nesildeşlerinden habarsyz ỳaşamaga başladylar. Bu daşlaşmalar netijesinde Türk halklary ″daşary ỳurtlar″a öwrüldi. Emma dogry sözi, Bilge Hanyń bengü daşlarynda gözlènler, atamyzyń 1300 ỳyl mundan ozal aỳdan sözlerini görerdiler: ″Eỳ Türk kowmy, üstümüzdèki mawy asman ỳere çökmese, ỳaşaỳan ỳerimiz ỳarylmasa, seniń milletińe we döp-dessuruńa kim zeper ỳetip biler?″

Bütin aỳralyklar, kalbymyzdaky Türklügümize bolan söygümüzi soldurmady, tersine ỳüreklerimizdèki bu güỳçli ody has hem alawlandyrdy. 1990-ynjy ỳyllaryń başynda doganlyk döwletlerimiziń garaşsyz bolmagy bilen, mukaddes TÜRK birligine eỳe boljak günümiz, hyỳallarymyzy durmuşa geçirmège ỳardam etdi. Bu gün, basybalyjy döwletleriń göz dikip seretỳèn ỳurtlarymyzy goramagyń we TÜRK adyny ỳene müńlerçe ỳyl yaşatmak üçin gelejegiń nesillerine tabşyrmagyń ỳeketèk yolunyń, bütin TÜRKleriń aramyzdaky mukaddes doganlyga akyl yetirmegi we bu ugurda bireşmeklige karar bermegimiziń dogry netijedigine düşünmesidir. Bu beỳik maksat, biz TÜRKler üçin gelejegiń açary, döwletlerimiziń ynamlylygy üçin Türk güỳjüniń we garaşsyz bolmagynyń ilkinji èdimidir.

Türk dünỳèsi içinde ỳaşaỳan Türkler bolup, kèbirimiz Oguz, kèbirimiz Gypjak boỳundandyrys. ″Sen kimsiń?″ diỳip soralanynda, ″Türk men.″ diỳip jogap beripdir doganlarymyz we ″Türkmen″ bolup galypdyr atlary. Kèbirimiz Gök Oguzlaryndan gelen ″Gagauz″ Türklerindendiris. Oguz Türkleri atlary bilen Anadola gelipdir, emma Gyrgyz Türkleri atlary soyup iỳendikleri sebèpli atalarymyzyń ỳurdy bolan Tańry Daglarynda galypdyrlar. Baş gurt biz, Gazak hem ỳene biz. Biz, bir gezek ölüp, Ergenekonda müń gezek direlen Göktürklerdiris! Biz, bir gazanda bişen aş; bir kökde ulalan goja agajyń şahalarydyrys.

Atalarymyz Altaỳlarda ỳaşap, Ötükende söweşip; ‘Ysyk Köl’ ỳaly gymyz sagyp, Ala Daglar ỳaly et ỳygnapdyrlar. Toỳlar gurap ata ỳurdy şowhuna öwürüpdirler. Emma wagty gelende bir gezek ölüp, müń gezek direlmèni hem özlerine wezipe saỳypdyrlar. ″Rahat ỳerde ỳatmak biziń üçin ejir çekmek bolmazmy./ Ganly araçèkler bize mezarystan bolmaly.″ diỳen düşünje bilen hereket edip, demir daglary eredip, damarymyzdaky asyl gany şu günlerimize çenli synalarynda saklamagy başarypdyrlar.

Şu wagt, müńlerçe ỳyl gorap bu günlere çenli saklan dèp-dessurlarymyzy, dilimizi, aslymyzy ỳagny bütin Türkü halklara hormatymyzy geljek nesillere şol bir güỳji we pèkligi bilen ỳetirmek üçin, bu ỳüzỳylda ỳaşaỳan Türkler bolup bizlere örèn uly wezipeler düşỳèr. Eger bir gün Tańry Daglarynyń depesinde Oguz Hanlygynyń otagyna girip, onuń otagynda oturan Kürşad ỳaly birnèçe èrleriń öńünde dyza çökmèni hyỳallanỳan bolsak, atalarymyzdan miras galan gurt başly tugy götermège mynasyp bolmalydyrys. Eger Altaỳlaryń başynda uglaỳan bir böri ỳada ata ỳurduń üstünde perwaz eden bir bürgüt bolmak isleỳèn bolsak, öńi bilen böri ỳaly ỳol görkeziji we bürgüt ỳaly ỳiti garaỳyşly bolmalydyrys.

Beyik Allatagalla, Türk dünỳèsindèki doganlyk gatnaşyklarynyń güỳçlenmesini we doganlygymyzyń güỳji bilen Türkü halklaryny sońsuza çeli gorasyn, olaryń elmydama dowam etmegine ỳardam etsin.

Allatagalla, TÜRKi gorasyn.

Yorum Yaz Yazdır Arkadaşına Gönder

 


Bir Lehçe
Seçin.



Yorum Yazın!
Türk Birliği
Ortak Dil

Türküler


Ağelimizi
1.425.803
kişi ziyaret etti.

Bu ağeli, Türk dünyası kardeşliğini bütün Türklere duyurabilmek amacıyla açılmıştır. Yüreğinde bir damla olsun Türklük sevgisi bulunanların, bu ağelini mümkün olduğunca çok Türk'e ulştırması bütün dünya Türklüğü adına iyi olacaktır.
Ağelinin bütün hakları, yüce TÜRK ulusuna aittir. İçeriği gönlünüzce kullanabilirsiniz.

İletişim